Sepleriň elýeterliligi

Eýran Bahreýinde tutulanlar bilen gatnaşygyny ret edýär


Duşenbe güni Eýranyň hökümeti Bahreýinde terror hüjümine synanyşykda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň Eýran bilen baglanyşyklydygy barada bildirilýän aýyplamalary ret etdi.

Hepdäniň ýekşenbe güni Bahreýniň baş prokurory bu ýurtdaky Saud Arabystanynyň ilçihanasyna, Içeri işler ministrligine hem-de möhüm transport köprüsine hüjüm etmäge taýýarlyk gören bäş adamyň tussag edilendigini mälim edipdi.

Bahreýniň käbir hökümet resmileri bu tussag edilen adamlar Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň goldawyndan peýdalanypdyrlar diýlip çaklanylýandygyny aýdýarlar.

Duşenbe güni Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Amir Abdollahiýan Bahreýniň häkimiýetleriniň bu çaklamaklarynda hiç hili esasyň ýokdugyny nygtap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG