Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly ştangaçy bäşinji orny eýeledi


Türkmenistanyň resmi habar agentligi agyr atletika boýunça Parižde geçýän dünýä ýaryşynda türkmenistanly ştangaçy U.Bazarbaýewiň 62 kilogram agramlyk kategoriýada bäşinji orny eýeländigini habar berýär.

Maglumata görä, Bazarbaýew 27 ýurtdan baran 36 sany sportsmeniň arasynda bäşinji orna eýe bolup, geljek ýyl Londonda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik alypdyr.

U.Bazarbaýewiň bu ýaryşda ştangany siltäp götermekde 135 kilogram, itekläp götermekde bolsa 168 kilogram agramy göterendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG