Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda medianyň işi barada maslahat geçirilýär


14-nji noýabrda Aşgabadyň “Ak Altyn” myhmanhanasynda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek meselesine bagyşlanyp, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birlikde iki günlik tegelek stol duşuşygy öz işine başlady.

Türkmen häkimiýetleri we ÝHHG-niň gurnamagynda geçirilýän bu duşuşyga ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiçiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň gatnaşýandygy aýdylýar.

Tegelek stol çäresine türkmen tarapyndan Mejlisiň deputatlarynyň, ýurduň Daşary işler, Adalat, Medeniýet we beýleki ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň, žurnalistleriň we studentleriň gatnaşýandygy habar berilýär.

Maglumata görä, bu duşuşykda köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky kanunlar bilen bagly beýleki ýurtlarda ulanylýan halkara standartlary, tejribeler barada gürrüň edilipdir.

Şeýle hem ÝHHG-niň ekspertleri Türkmenistandaky kanunlar barada öz pikirlerini aýdyp, Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi baradaky kanunlaryň kämilleşdirilmegi boýunça öz tekliplerini berdiler, diýlip habar berilýär.

Duşuşykda türkmen spesialistleriniň hem çykyş edip, ýerli metbugaty ösdürmek ugrunda ýurtda edilýän işler barada gürrüň edendikleri aýdylýar.

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiçiň Türkmenistana edýan saparynyň çäginde, onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine baryp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça hyzmatdaşlyk barada gepleşik geçirendigi habar berilýär.

Bu saparynyň dowamynda Dunýa Miýatowiçiň Türkmenistanyň Mejlisinde hem prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutynda gepleşikler geçirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG