Sepleriň elýeterliligi

Siriýa garşy halkara jemgyýetçiliginiň basyşy artýar


Siriýadaky zorlugy togtatmak maksady bilen bu ýurda garşy halkara jemgyýetçiliginiň edýän basyşy artýar.

14-nji noýabrda arap liderlerinden ilkinji bolup, Iordaniýanyň patyşasy Abdullah Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assady wezipesinden çekilmegine çagyrdy.

BBC bilen söhbetdeşlikde Iordaniýanyň patyşasy: “Men Assadyň ýerinde bolan bolsam, wezipämden çekilerdim” diýdi.

Siriýadaky ýagdaýlar bilen bagly Birleşen Ştatlar hem alada bildirip, Assady wezipesinden çekilmäge çagyrýar. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretary Joş Ernest 14-nji noýabrda eden çykyşynda aýtdy.

“Assadyň režiminiň gitdigiçe üzňeleşýändigi, režime garşy syýasy basyşyň artýandygy hemmä düşünükli. Prezident Obama Assadyň ýurdy dollandyrmak hukugyndan mahrum bolandygyny aýdyp, ony wezipesinden çekilmäge çagyrdy. Assadyň režiminiň protestçilere görkezýan zorluk-sütemi eglenmezden bes edilmelidir” diýip, Ernest belledi.

14-nji noýabrda Brýusselde ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynda siriýaly ýene-de 18 döwlet işgäriniň ady gara sanawa goşuldy.

Mundan öň, ÝB Siriýanyň 56 raýatyna ýewropa ýurtlaryna barmagy gadagan edip, olaryň bank hasaplaryny doňdurypdy. Şeýle hem, 18 sany siriýaly kompaniýalaryň we edaralaryň ýewropadaky emlägi doňdurylypdy.

ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Ýewropanyň inwestision bankyna Siriýanyň režimine kredit bermegi gadagan etdi.

ÝB-iň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça bölüminiň başlygy Ketrin Eşton özleriniň Arap Ligasy bilen bilelikde Siriýanyň asuda ýaşaýjylaryny goramagyň ýollaryny gözleýändiklerini mälim etdi.

Siriýada mart aýynda demonstrasiýalar başlany bäri, ýurtda 3,500-e golaý adamyň öldürilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG