Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň baş diplomatlary Eýran meselesine garady


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçirilen maslahatynda Eýranyň ýadro programmasyny togtatmak meselesine garaldy.

ÝB-niň ýokary derejeli wekilleri Eýrana garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmegi bilen ylalaşdylar, ýöne 1-njy dekabrda geçiriljek nobatdaky maslahata çenli bu mesele boýunça hereket etmän, garaşmak kararyna geldiler.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Eýrana garşy harby hüjümi amala aşyrmak meselesiniň gün tertibinde ýokdugyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da Britaniýanyň hem Gollandiýanyň daşary işler ministrleri Eýrana garşy “harby hereketiň amala aşyrylmagynyň mümkindigini” aradan aýyrmaly däldigini nygtadylar.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpe “düzedip bolmajak netijelere getirip biljek ýagdaýyň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligi Eýrana garşy gaty berk pozisiýany eýelemeli” diýip, Eýrana garşy goşmaça sanksiýalary girizmek teklibini öňe sürdi.

13-nji noýabrda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama çykyş edip, Eýranyň ýadro programmasyny togtatmak meselesi boýunça özleriniň Hytaý we Orsýet bilen bilelikde gepleşik geçirmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG