Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň günortasy türkmen gazy bilen üpjün ediler


Gazagystanyň nebit we gaz boýunça wise-ministri Berik Tolumbaýew ýurduň günortasynyň türkmen gazy bilen üpjün ediljekdigini mälim etdi.

Tolumbaýewiň aýtmagyna görä, Özbegistan Gazagystana satýan gazynyň möçberini azaldanlygy sebäpli, türkmen gazyny satyn almak zerurlygy ýüze çykypdyr.

Gazak resmisi 1-nji noýabrdan başlap, Özbegistanyň zerur bolan 400 müň kubmetre golaý gazyň deregine diňe 100 müň kubmetr gaz berendigini aýtdy.

Şeýle ýagdaýda bolsa, raýatlary gaz bilen üpjün etmek üçin gazak häkimiýetleriniň Türkmenistanda iş alyp barýan Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen 500 million kubmetrlik gaz söwdasy boýunça alyş-çalyş operasiýalary bababatda ylalaşandyklary habar berilýär.

Almaty şäheriniň häkimi Ahmetjan Esimow, gaz üpjünçiligi bilen bagly mesele çözülmedik bolsa, şäheri çörek bilen üpjün edýän zawodlaryň işiniň togtamagynyň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG