Sepleriň elýeterliligi

Eýran özüniň möhüm raketa harbysyny jaýlady


Moghadamyň jaýlanyşyna Hameneýiniň hut özüniň gatnaşanlygyndan çen tutulsa, onda onuň ýurtda nähili uly derejä eýe bolandygyny aňmak kyn däl.

Moghadamyň jaýlanyşyna Hameneýiniň hut özüniň gatnaşanlygyndan çen tutulsa, onda onuň ýurtda nähili uly derejä eýe bolandygyny aňmak kyn däl.

Duşenbe güni Eýranyň ýolbaşçylary ýarag ammarynda dörän partlamada ýogalan “Rewolýusiýanyň sakçylarynyň” ençeme agzasynyň, şol sanda ýurduň raketa programmasy boýunça möhüm şahslarynyň biriniň-de jaýlanyş çäresini geçirdiler. Günbatar metbugatyndan käbirleri bu partlamanyň aňyrsynda Ysraýylyň duran bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalary öňe sürdi. Eýran bolsa 17 adamyň ölümine getiren partlamanyň diwersiýa sebäpli bolmandygyny aýdýar.


Duşenbe güni Eýran režimi öz iň wepadar ogullarynyň biri, şeýle-de ýurduň goranyş programmasyndaky iň möhüm şahslaryň biri bolan general-maýor Hassan Moghadamyň jaýlanyş çäresini geçirdi. General-maýor Hassan Moghadam Eýranyň raketa programmasyny esaslandyryjylaryň we onuň özgermegine uly goşant goşan şahslaryň biri hökmünde tanalýardy.

Moghadama Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Hameneýiniň hem aýratyn üns berendigi aýdylýar. Moghadamyň jaýlanyşyna Hameneýiniň hut özüniň gatnaşanlygyndan çen tutulsa, onda onuň ýurtda nähili uly derejä eýe bolandygyny aňmak kyn däl. Moghadam bilen birlikde “Rewolýusiýanyň sakçylarynyň” ýene-de 16 agzasy jaýlanyldy. Olaryň ählisi geçen hepdäniň aýagyndaky partlamada heläk bolupdy.

Gürrüňi edilýän partlama 12-nji noýabrda paýtagt Tährandan 40 km uzaklykda ýerleşýän, “Rewolýusiýanyň sakçylarynyň” Bid Ganeh bazasynda boldy. Eýran partlamanyň tötänlikden bolandygyny aýdýar. Resmileriň maglumatyna görä, partlama ok-däri daşalýan wagty döräpdir.

Emma, “Time” žurnalynyň duşenbe günündäki sanynda çap bolan maglumata görä, partlamanyň aňyrsynda Ysraýylyň “Mossad” gizlin gullugy dur. Neşir bu baradaky habary ady tutulmadyk “Günbataryň aňtaw çeşmesine” salgylanyp ýazdy.

Ysraýylyň mediasy hem “Rewolýusiýanyň sakçylarynyň” bazasynda dörän partlamada öz ýurdunyň eliniň bolmagynyň mümkindigi hakda maglumat beripdi.

Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň ýadro boýunça alymlarynyň ençemesi öldürldi, şeýle-de ýurduň ýadro programmasy elektronik hüjümlere sezewar boldy. Eýranyň resmileri bulary amala aşyrmakda Ysraýyly aýyplady.

Takyk delil ýok

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Strategiki we halkara barlaglar merkeziniň alymy Antony Kordesmanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirlikçe harby bazada dörän partlamanyň diwersiýa bolandygyna ýa-da Mohgadama hüjüm etmek üçin, ýörite gurlan planyň bolandygyna kepil geçýän hiç hili takyk delil ýok.

“Bu partlamanyň nähilidir bir diwersiýadan ugur alnyp amala aşyrlandygy aýdyň däl. Aslynda Eýranyň ýadro ýaragy boýunça tagallalaryna zeper ýetirmek bir zat, ýurduň raketa programmasynyň özgermegine şikes ýetirmek başga bir zat” diýip, Antony Kordesman aýdýar. “Ýöne uly mukdardaky partlaýjy serişdeli ýerde partlamanyň dörändigi baradaky habar bir hüjüme däl-de, tötänlikden dörän ýagdaýa meňzeýär”.

Eýranyň “Rewolýusiýa sakçylarynyň” howa güýçleriniň komandiri Abbas Haniniň ýurduň döwlet eýeçiligindäki IRNA habarlar gullugyna aýtmagyna görä, Yslam Respublikasy özüniň raketa mümkinçilikleri we gurby üçin Moghadama borçludyr.

Eýranyň resmileri öz merhumlarynyň gamyny çekýän wagty Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak partlamany gowy garşylap, bular ýaly wakalaryň mundan beýläk hem dowam etjegine özüniň umyt edýändigini jemgyýetçiligiň öňünde aýtdy.

Bu partlama Eýranyň ýadro programmasy boýunça alyp barýan işi bilen bagly aladalaryň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom energiýasy gullugy Tähranyň ýadro ýaragyny özleşdirmek ugrunda işländigini aýan edýän hasabatyny çap edipdi.
XS
SM
MD
LG