Sepleriň elýeterliligi

Saýlawlara az wagt galdy, oppozisiýa daşynda galdy


Ýurtda dowam edýän kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň prezidentligine kandidatlar saýlawlara iki aý galanda hödürlenip başlanmaly.

Ýurtda dowam edýän kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň prezidentligine kandidatlar saýlawlara iki aý galanda hödürlenip başlanmaly.

Türkmenistanda geçirilmeli prezident saýlawlaryna üç aýdan hem az wagt galdy. Ýurtda dowam edýän kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň prezidentligine kandidatlar saýlawlara iki aý galanda hödürlenip başlanmaly. Ol şu ýylyň 12-nji dekabryna gabat gelýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýa wekillerini-de saýlawlara gatnaşmaga çagyrypdy.


Türkmenistan prezident saýlawlaryna barýar. Kimleriň ýokary kürsä dalaş etjekdigi “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanuna laýyklykda saýlawlara iki aý galanda belli edilip başlanmaly. Oňa bir aýdan hem az wagt galdy.

Abadan wakasynyň yzysüresi, 8-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda hereket edýän oppozisiýa wekillerini 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmaga çagyrypdy:

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

​—Biz özüni oppozisiýa diýip atlandyrýan toparlar bilen hem hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýäris. Eger oppozisiýa girýän adamlardan kimdir bir öňde durýan prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirse, onda ol, ine, biziň ýurdumyza gelip biler. Men olara Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen deň derejede, deňhukukly esaslarda saýlawlara gatnaşmaga hem mümkinçilikleriň dörediljekdigini doly kepillendirýärin.

Synçylar bu çakylygyň Türkmenistanda herket edýän kanunçylyga gabat gelmeýändigini şol wagt bellediler. Çünki, Türkmenistanyň Baş kanunynda prezidentlige dalaş etjek adamlar üçin talap edilýän şertleriň arasynda “...soňky 15 ýylda yzygiderli Türkmenistanda ýaşaýan we döwlet organlarynda, jemgyetçilik guramalarynda ýa-da halk hojalygynyň pudaklarynda işleýän, uly abraýa eýe bolan, saýlanmaga mynasyp görlen Türkmenistanyň graždany Türkmenistanyň prezident saýlawlaryna gatnaşyp hem Türkmenistanyň prezidentligine saýlanyp biler” diýen setirler bar.

Şol beýannamanyň aýdylanyna dört aýdan gowrak wagt geçdi, saýlawlara-da üç aýdan azyrak wagt galdy. Daşary ýurtda döredilen Respublika oppozision partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow bolsa, saýlawlara çenli wagt näçe azaldygyça, ýurda dolanmak şansynyňam şonça kemelýändigini aýdýar.

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly synçynyň aýtmagyna görä, Berdimuhamedowyň oppozisiýany çagyran wagty ilat arasynda bu mesele bilen bagly biraz gazaklanma döränem bolsa, şol çakylyga köpler ynamsyzlyk bilen garapdyr. “Wagt geçdigiçe, bu işiň başa barjagyna ynanýan adamlaryň sany azalýar, oňa çynlakaý bir mesele hökmünde garabam baranoklar” diýip, synçy aýdýar.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasnyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyndan gyzyklanýan professor Artýom Ulunýan Türkmenistanyň prezidentiniň çakylygynyň başdan propagandistik häsiýete eýe bolandygyny, ýurtdaky ýagşy-ýaman hereket edýän kanunlara bap gelmeýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Respublika oppozision partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow

Respublika oppozision partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow

Eger şu wagta çenli türkmen häkimiýetlerinden hiç hili jogap ýok bolsa, oppozisiýa mundan beýläk nähili hereket etmekçi? Bu soraga Nurmuhammet Hanamow şeýle jogap berdi:

—Berdimuhamedowyň diýýän sözleri edýän hereketleri bilen deň gelenok. [Söz] bilen işiň deň gelmeýänini, döwlet ýolbaşçysy bolup, boş-boşuna bir zat diýip goýberýändigini, şular ýaly ýolbaşçy bilen nähili iş salyşmaly, nähili aragatnaşygy sazlamaly - şuny diňe bir ÝHHG bilen däl-de, Ýewropa Bileleşigi, BMG ýaly halkara guramalara ýetirmekçi. Dek oturmak niýetimiz ýok.

Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow bolsa bu barada şeýle diýdi:

Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow

Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow

—Gol gowşuryp oturmaly diýen pikir bizde ýok. 15-nji dekabra çenli biz ýurda goýberilmesek, onda men köpçülikleýin habar serişdeleriniň üsti bilen, Internet arkaly geljekki saýlawlaryň kanuny saýlawlar däldigi barasynda halka düşündiriş bermekçi. Eger ýurt şu gidişine gitse, Nyýazowyň döwründenem beter durmuşyň halkymyza garaşýany öz-özünden düşnükli.

Professor Artýom Ulunýan, eger türkmen häkimiýetleri beren sözüniň yzynda durmasa, munuň sebäbini öňki prezidentiň hökmürowanlyk eden döwründen gözlemelidigini, onuň köppartiýalylyk barada gowy-gowy wadalar berip, şol sözleriň boş çykandygyny ýatlady.

—Nebit-gaza baý Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýüzüne hiç kim açyk bir zat aýtmasa-da, geljekki saýlawlara oppozisiýanyň goýberilmezligi ýurt baştutanyna, Türkmenistanyň syýasy režimine ýeterlik derejede zyýan etirer—diýip, Ulunýan aýtdy.

8-nji iýulda Berdimuhamedowyň hökümet maslahatynda eden çykyşyndan soň, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde oppozisiýanyň ýurda dolanmagy barada ýeke gezegem dil ýarylmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG