Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglygy saklaýşa 500 million dollar sarp ediler


Kadrlar problemasy hem Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ugry üçin ýiti mesele bolup galýar.
Kadrlar problemasy hem Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ugry üçin ýiti mesele bolup galýar.

Türkmenistan saglygy saklaýyş pudagyna ýene 500 million dollar sarp etmekçi. Bu çäräni Türkmenistanyň medisina senagatyny ösdürmek boýunça döwlet programmasyna laýyklykda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.


Türkmenistanda geljekki üç ýylyň dowamynda amala aşyryljak täze medisina proýektlerine ýarym milliard dollar möçberindäki maliýe serişdeleri sarp ediler.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, bu çäräniň maksady milli derman we medisina senagatynyň öndürijilik ukybyny ösdürmekden, strategiýa taýdan ähmiýetli täze derman serişdeleriniň işlenip-taýýarlanmagyny özleşdirmekden, pudagyň ylmy-tehniki we innowasion mümkinçiliklerini ösdürip, onuň importa gönükdirilen ugruny üýtgetmekden hem medisina senagatynyň eksporta bolan ukybyny artdyrmakdan ybarat.

2011-2015-nji ýyllarda ýurduň medisina senagatyny ösdürmek boýunça tassyklanan döwlet programmasyna laýyklykda amala aşyryljak bu proýektleriň çäginde 9 sany täze kärhana gurlar we ýene ikisi täzelener, şol sanda mineral çeşmelerden suwy çykaryjy we ýod önümlerini öndüriji zawodlar we sagaldyş laýy we deňiz duzuny gaplaýjy kärhanalar ýaly obýektler gurlar.

Halkyň derdi

Türkmenistanda resmi taýdan kabul edilýän milli programmalaryň türkmen jemgyýetiniň islegleriniň we ilatyň zerurlyklarynyň hasaba alnyp amala aşyrylýanlygy yglan edilýär. Şol bir wagtda-da ýurduň ençeme raýatlary saglygy saklaýyş taýdan hatda ilkinji zerur zatlaryň üpjünçiliginiň-de gowşaklygyny aýdýarlar we iň zerur medisina kömeginden peýdalanyp bilmän kösenýändiklerini gürrüň berýärler.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy 40 ýaşly Bahar Nurberdiýewa welaýatyň merkezi keselhanasynda başdan geçiren ýagdaýy barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Gerekli dermanlaram, gerekmejek dermanalaram özüme aldyrtdylar. 11 gün ýatamda iki million manat aldylar. Däri-dermanlary özüm eltemde-de keselhanada ýatanyma 2 million aldylar. Keselhana işgärleriniň her haýsynyň eline ýene 200, 300, 500 manatdan paýlap berdim.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagyna sarp edilýän maliýe serişdeleri şu çaka çenli esasan medisina obýektleriniň gurluşygyna we täze medisina merkezleriniň enjamlaşdyrylmagyna harç edilip gelýär.Resmi maglumatlara görä, soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda täze medisina edaralarynyň gurluşygyna 1 ýarym milliard dollara golaý pul sarp edildi.

Problemalaryň çözgüdi nirede?

Türkmenistanyň hökümetiniň saglygy saklaýyş pudagyny ösdürmek maksady bilen amala aşyrýan çäreleriniň halky köpden bäri aladalandyrýan problemalaryň çözgüdine däl-de, täze gurluşyklara gönükdirilmeginiň sebäbi köp sorag döredýär. Emma bu sowallara türkmen häkimiýetleri tarapyndan jogap berilmeýär. Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň resmilerinden bu sowala jogap alyp bolmaýar. Bu tema ýurduň habar serişdelerinde hem gozgalmaýar, diňe ösüşler wasp edilýär, problemalar bolsa düýbünden gozgalmaýar.

Käbir synçylaryň pikirine görä, hökümetiň saglygy saklaýyş pudagyny ösdürmek maksady bilen amala aşyrýan çäreleri döwlet ýolbaşçylarynyň uly tutumly gurluşyk syýasatynyň dowamy bolup, häkimiýet başyndakylaryň hakyky problemalary iş ýüzünde çözmek niýetiniň ýokdugyny görkezýär.

“Türkmen insiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, ýurduň saglygy saklaýyş pudagyna puluň çykarylýanlygy hökümetiň bu pudaga üns berýänliginden habar berýär, emma problemlary çözmeýär:

—Ilkinji nobatda tutuş ýurtda saglygy saklaýşyň ýagdaýyny we medisina hyzmatlarynyň hilini, şol sanda oba ýerlerindäki ýagdaýlary öwrenmek boýunça struktura döredilip, problemalar öwrenilse, dogry bolardy. Ýurtdaky keselçilik derejesine hem baha berilmeli. Ine, şondan soň, toplanan maglumatlar esasynda ilkinji zerurlyklar kesgitlenip, muňa sarp ediljek maliýe serişdeleriniň möçberi yglan edilse, netijä garaşyp bolardy.

Lukmanlaryň ukyby

Kadrlar problemasy hem Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ugry üçin ýiti mesele bolup galýar. Hut lukmanlar tarapyndan berilýän medisina kömeginiň hiliniň pes bolmagy raýatlaryň köplenç täze gurlan we gowy enjamlaşdyrylan merkezlere barmaga derek tanyş-bilişligiň üsti bilen ynamdar lukmanlara ýüzlenmäge ýykgyn etmegine ýa-da mümkinçiligi bolanda, öz saglygyny ýurduň daşynda bejermäge synanyşmagyna sebäp bolýar.

—Ýaraman baranyňda, habaryňy alýanam ýok. Agyrýan ýeriňi anyklap bilýänem ýok. Ýoldaşym köriçege diýip eltildi. Öt diýip, her haýsy bir ýerini kesjek bolansoň, ençeme çykdajy edip, bar ýerini barladyp çykdym—diýip, türkmenistanly Bahar Nurberdiýewa aýdýar.

Şol bir wagtda-da Türkmenistana häli-şindi germaniýaly lukman alymlaryň syýahatlary geçirilýär. Daşary ýurtly lukmanlaryň gatnaşmagynda türkmen lukmanlary üçin leksiýalar hem gurnalýar. Bu barada ýygy-ýygydan habar berýän türkmen metbugatynda “şu günki gün prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň halkara derejesine ýetenligi” nygtalýar.
XS
SM
MD
LG