Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň resmisi Türkmenistana sapar edýär


Düýn Türkmenistana sapar edýän Ýewropa Bileleleşiginiň ýörite programmasynyň ýolbaşçysy Assunta Testa Türkmenistanyň Zähmet we sosial gorag ministrliginde duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu duşuşykda taraplaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň özara proýektleri ösdürmek we giňeltmek meseleleri barada pikir alşandyklaryny habar berýär.

Maglumata görä, Ýewropa Bileleşiginiň wekili Assunta Testa Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde we Ykdysadyýet ministrliginde-de duşuşyklar geçirer.

Mundan daşary, Assunta Testanyň Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerine-de sapar etjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG