Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ilatynyň arasynda “Talybana” bolan goldaw iň pes derejede


Owganystanda geçirilen pikir soraýyşlyklar “Talyban” güýçleriniň ilat arasyndaky goldawynyň iň pes derejä ýetendigini görkezýär.

Birleşen Ştatlaryň maliýeleşdirmeginde we Aziýa Fondunyň gurnamagynda geçirilen bu pikir soraýyşlygyň netijesi häzirki wagt Owganystanyň ilatynyň 29 prosentiniň talyplaryň maksadyny goldaýandygyny görkezýär.2009-njy ýylda bu görkeziji 56 prosent bolupdy.

Şeýle-de, şu günki çap edilen bu hasabatyň görkezijilerine görä, pikiri soralan her bäş adamdan dördüsi ýaragly söweşijiler bilen hökümetiň özara barlyşmak planlaryny goldaýandygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG