Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýa: gazetiň redaksiýasyna hüjüm synanyşygynda aýyplanýanlar sud edilýär


Düýn Norwegiýanyň paýtagty Osloda Muhammet pygamberiň karikaturasyny çap eden Daniýadaky gazetiň redaksiýasyny partlatmak synanyşygynda aýyplanýan üç adamyň işi boýunça sud deňlenişigi başlandy.

Bu işde aýyplanýan uýgur asylly Şawan Sadek Bujak, asly yrak kürtlerinden bolan Deýwid Jakobson hem-de ýene bir özbek raýaty 2010-njy ýylda Norwegiýada tussag edilipdi.

Norwegiýanyň prokuraturasy olara ýörite bir gizlin podwalda bomba ýasamak bilen meşgullananlykda hem-de Muhammet pygamberiň karikaturasyny çap eden Daniýanyň "Jillands Posten" gazetiniň redaksiýasny partlatmaga taýýarlyk görenlikde aýyplama bildirýär.
XS
SM
MD
LG