Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýork polisiýasy protestçileriň palatka lagerini dargatdy


Düýn Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa güýçleri ykdysady kynçylyklara nägilelik bildirýän protestçileriň palatka lagerini güýç ulanyp, dargatdylar.

Protestçileriň bu palatka lageri şäheriň merkezindäki “Zukotti Park” atly parkda sentýabr aýynda döredilipdi we ol “Wol striti basyp al” atly hereketiň özboluşly bir merkezine öwrülipdi.

Düýn bu lagerdäki palatkalary we protestçileriň goşuny ýygnamak üçin ýörite işgärler sürüldi we bu işler amala aşyrylýarka polisiýa işgärleri protestçileri bu territoriýa goýbermän sakladylar.

“Wol striti basyp al” atly hereketiň wekilleri ABŞ-nyň maliýe sistemasynyň baý korporasiýalaryň has-da baýamagyna ýol berip, adaty ilatyň garyplaşmagyna getirýändigini aýdyp, bu ýagdaýa protest bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG