Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iň uly Kurany Tatarystanda


Dünýäniň iň uly Kurany Kazanda
Dünýäniň iň uly Kurany Kazanda
Dünýäniň iň uly Kurany hökmünde çap edilen kitap 17-nji noýabrda Tatarystanyň prezidentine hödürlener diýip, Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyr gullugy habar berýär.

Bu Kuran Kazanyň Kol Şarif metjidinde ýörite dabara bilen Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowa gowşurylar.

Tatar medeni mirasynyň goragy we gaýtadan dikeldilmegi boýunça iş alyp barýan Tatarystanyň döwlet fondy “Direliş” tarapyndan buýrulan kitap Italiýada çap edildi. Onuň agramy 800 kilogram, ini 1,5 metr, boýy bolsa 2 metr.

Şu hepde Sloweniýanyň mediasynyň habar bermegine görä, merjen daşlary bilen gaplanan bu kitap Italiýanyň Gorizia şäherinde iş alyp barýan slowen kompaniýasy tarapyndan 1 million ýewro (1,3 million dollara) ýasalypdyr.

Bu Kuran kitaby 2012-nji ýylyň iýun aýyna çenli Kol Şarif metjidiniň birinji gatynda ýerleşdiriler, soňra bolsa Bolgar şäherine göçüriler. Bu şäher häzirki tatarlaryň ata-babalary bolan Wolga bulgarlarynyň gadymy paýtagty hasaplanýar. Olar yslamy 922-nji ýylda kabul edipdiler.
XS
SM
MD
LG