Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň baş diplomaty Arap Ligasynyň maslahatyna gatnaşmaýar


Siriýanyň baş diplomaty şu gün Arap Ligasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Morokkoda geçirilýän maslahatyna gatnaşmaýar. Bu barada Siriýanyň Daşary işler ministrligi maglumat ýaýratdy.

Bu maslahatda Siriýada dowam edýän zorluk-sütem sebäpli, bu ýurduň Arap Ligasynyň agzalygyndan wagtlaýyn çykarylýandygy yglan ediler.

Arap ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri Siriýadaky gandöküşligi togtatmak üçin Siriýadaky režime garşy görülmeli çäreleri hem ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

15-nji noýabrda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň indi Siriýanyň režimine ynam bildirmeýändigini nygtap çykyş etdi.

“Ezilen halkyň ganynda geljegi gurup bolmaz. Şeýle liderler ganhor hökmünde taryha girýär. Rehimsizlige hem zuluma ýol berýänler ir-u-giç bu hereketleri üçin jogap bererler” diýip, Erdogan aýtdy.

Siriýaly aktiwistler hepdäniň duşenbe güni hökümet güýçleriniň ýarag ulanmagy netijesinde 70 töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG