Sepleriň elýeterliligi

Kabulda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär


17-nji noýabrda Owganystanda geçiriljek “Loýa jirge” diýlip atlandyrylýan ählimumy owgan maslahatynyň öňüsyrasynda Kabuldaky howpsuzlyk güýçleriniň ýokary hüşgärlik derejesine getirilendigi habar berilýär.

Talyplar Owganystanyň dürli künjeklerinden iki müňe golaý ýaşulularyň hem syýasatçylaryň gatnaşmagynda geçiriljek bu maslahata hüjüm etmek bilen haýbat atypdylar.

Bu maslahatda 10 ýyl dowam eden uruşdan soň talyplar bilen dialogy ýola goýmak meselesine garalar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG