Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda çagalaryň irki ösüşi maslahat edildi


15-nji noýabrda Aşgabatda çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gözegçilik edýan pudagara kommisiýasynyň maslahatynyň geçirilendigi habar berilýär.

Seminara saglygy saklaýyş, bilim, maliýe meseleleri boýunça spesialistleriň, BMG-niň Çagalar fondunyň wekilleriniň we žurnalistleriň gatnaşandygy aýdylýar.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada baran ÝUNISEF-iň çaganyň irki ösüşi boýunça bilermeni Dipa Groweriň bu mesele boýunça dünýaniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryp, çagalaryň irki ösüşiniň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsiri barada çykyş edenligi habar berilýär.

ÝUNISEF-iň 2009-njy ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 5 ýaşyna ýetmedik her müň çagadan 45-siniň ölmek howpy ýokary. Bu görkeziji boýunça Türkmenistandaky ýagdaý Merkezi Aziýa regionynda Täjigistandan soň iň ýaramazy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG