Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkuň sudy häkimiýetleriň çykaran kararyny makullady


15-nji noýabrda Nýu-Ýork şäheriniň sudýasy şäheriň seýilgählerinde protest geçirmek üçin çadyrlar dikmegi gadagan etmek baradaky häkimiýetleriň kararyny makullady.

Suduň hepdäniň sişenbe güni çykaran kararyna laýyklykda, protestçilere şäheriň “Zukotti Parkynda” çadyr dikip, olarda ýaşamak gadagan edilýär.

14-nji noýabrda Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa güýçleri ykdysady kynçylyklara nägilelik bildirýän protestçileriň çadyr lagerini güýç ulanyp dargatdy.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg söz azatlygynyň seýilgähler ýaly köpçülikleýin ýerleri basyp alyp, ol ýerde çadyrlar dikilmegini aňlatmaýandygyny aýdyp, protestçilerden beýleki adamlaryň saglygyna hem howpsuzlygyna zyýan ýetmeginiň mümkindigini nygtady.

Protestçileriň bu çadyrlar lageri şäheriň merkezindäki parkda sentýabr aýynda döredilipdi we ol “Wol striti basyp al” atly hereketiň özboluşly bir merkezine öwrülipdi.

“Wol striti basyp al” hereketiniň wekilleri ABŞ-nyň maliýe sistemasynyň baý korporasiýalaryň has-da baýamagyna ýol berip, adaty ilatyň garyplaşmagyna getirýändigini aýdyp, bu ýagdaýa protest bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG