Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: edara-kärhanalaryň işgärleri atyzlarda


Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ýagşyň we garyň aşagynda galan pagtanyň hili pese gaçýar we önümçilige kän ýaramaýar.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ýagşyň we garyň aşagynda galan pagtanyň hili pese gaçýar we önümçilige kän ýaramaýar.
15-nji noýabrda geçiren wideo-maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba-hojalyk işleriniň gidişi boýunça degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, Ahal welaýatynyň zähmetkeşlerini borçnamasyny dolmagy bilen gutlady.

Türkmen mediasynyň habar bermegine görä, prezident Daşoguz welaýatynda pagta ýygym kampaniýasyny guramaçylykly tamamlamagy berk kontrollykda saklamagy, oba-hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi talap edipdir. Türkmenistanyň prezidenti 4-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda-da atyzlardaky pagta hasylyny isripsiz ýygnap almak barada aýdypdy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagt Lebap welaýatynda diňe kärendeçiler däl, edara-kärhanalaryň işgärleri, mugallymlar, lukmanlar hem häzir pagta meýdanynda pagta ýygyp ýörler:

—Meýdanlarda hasyl ýok, diňe ýekeçigit çöplenýär, bir işgär uzyn gün sermenende 7-8 kilogram pagta ýygyp bilýär. Ine, mysal üçin, Kerki (häzirki ady Atamyrat) etrabynyň işgärleri häzir pagtany Garabekewül etrabynda ýygyp ýörler, ýatymlyk gelip.

Ahal we Mary

Emma Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda ýagdaý başgaça diýlip, habar berilýär. Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Balkan welaýatynda pagta ýygym kampaniýasynyň tamamlanmagyň bäri ýanyndadygyny aýdyp, onuň sebäbini şeýle düşündirdi:

—Balkan welaýatynda ak pagta ekilýär, olam ir ýetişýär, ir ýygylýar. Balkan welaýatam özüniň pagta planynyň dolanlygy barasynda eýýäm hasabat berdi. Ahal we Mary welaýatlarynyň inçe süýümli gowaça eken etraplarynda ýygym dowam edýär. Gowaçanyň bu sorty gijiräk ýetişýär, edara-kärhanalaryň işgärleri kampaniýa diňe öz islegi bilen gatnaşýar. Welaýat, etrap merkezlerinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärlerine pagta ýygmaga git diýýän ýok.

Ýazyjynyň Marynyň hem-de Ahalyň welaýat bilim bölümlerinde işleýän ýoldaşlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, mekdep okuwçylary diňe okuwdan boş wagtlary atyzlara meýletin çykýar. Ýöne Bugaýew hakyky ýagdaýyň resmileriň berýän maglumatyndan başgaça bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar.

Pagta salgydy

Habarçy Hallyýew Lebap welaýatynda birinji klasdan 10-njy klasa çenli mekdep okuwçylarynyň ählisine pagta salgydynyň salnandygyny, olary mejbury atyza çykarman, olardan berlen norma pagtany mekdebe getirmegi talap edýändiklerini, bu işiň ýaramaz netijeleriniň bardygyny aýdýar:

—Häzir gürleşdim, köp etraplarda mekdep okuwçylaryna pagta tapyp, mekdebe getirmeli diýen norma berlen. Norma etrabyň ýagdaýyna görä kesgitlenýär. Ýöne [okuwçylary] mejbur edip äkidenoklar, meýdanlarda bolsa pagta ýok.

Ýerli synçylar häzirki ýygnalýan ýekeçigitdir übtükleriň kärendeçi üçinem, döwlet üçinem diňe zyýan getirýändigini nygtaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, ýagşyň we garyň aşagynda galan pagtanyň hili pese gaçýar we önümçilige kän ýaramaýar.
XS
SM
MD
LG