Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň wekili Türkmenistandaky işleri barada


Diplomatlar BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri bilen duşuşýarlar, Aşgabat, 2010-njy ýylyň 4-nji noýabry.

Diplomatlar BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri bilen duşuşýarlar, Aşgabat, 2010-njy ýylyň 4-nji noýabry.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş programmasynyň (UNDP) Bratislawadaky regional merkezinde garyplygy azaltmak boýunça programmanyň ýolbaşçysy Balas Horwat geçen aý Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen konferensiýa gatnaşdy.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu guramanyň Merkezi Aziýa regionynda, hususan-da Türkmenisanda alyp barýan işleri barada Balas Horwat bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: BMG-niň Ösüş programmasy, ýagny UNDP juda köp agzalýar. Siz bu edaranyň alyp barýan anyk işleri, haýsy maksada gulluk edýändigi barada gürrüň berseňiz?

Balas Horwat

Balas Horwat

Balas Horwat: BMG-niň Ösüş programmasy – BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň iň ulularynyň biridir. BMG-niň başga-da ençeme ýöriteleşdirilen edaralary bar, emma edil BMG-niň ösüş programmasy barada aýdylanda, bu durnukly ösüşe hemaýat etmäge gönükdirlendir. Durnukly ösüş diýlende, jemgyýetiň parahatçylygy, daşky gurşaw, ykdysadyýet ýaly ugurlara ünsi çekip, ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Ösüş programmasy aslynda merkezleşdirilmedik gurama bolup, munuň işi esasan regional edaralar tarapyndan dolandyrylýar. Ol edarlaryň ýöredýän işine hemaýat edýän ýörite ekspertler bar. Eger olaryň kömegine zerurlyk ýüze çyksa, ekspertler regional merkezlere çagyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň belläp geçişiňiz ýaly, edaranyň işi regional merkezler tarapyndan dolandyrylýan bolsa, onda edaranyň programmalary hem sebitden sebite üýtgeýän bolmaly? Şeýle bolsa, siz Merkezi Aziýada nähili programmalary amala aşyrdyňyz?

Balas Horwat: Hawa, siziň soragyňyzda juda dogry belleýşiňiz ýaly, edara öz işini sebite, ýurda görä alyp barýar. Merkezi Aziýanyň döwletleri-de biri-birinden tapawutly toparlardan düzülen. Türkmenistanyň we Gazagystanyň uly möçberde tebigy baýlyklary we ýokary derejede girdejileri bar. Beýleki tarapda, Täjigistan we Gyrgyzystan dur. Bu ýurtlarda adam başyna düşýän girdeji beýlekilere görä pes. Bu iki toparyň ortasynda-da Özbegistan ýerleşýär. Bu ýurtlaryň ähilisiniň biri-biriniňkiden tapawutly özboluşly taraplary bar, bu-da şol ýurtlarda biziň alyp barýan programmalarymyzy kesgitleýär.

Ýöne, umuman aýdylanda, biz regionda saglygyň derejesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak, demokratik dolandyryşy üpjün etmek hem HIV/AIDS-iň öňüni almak ýaly çärelerden ybarat programmalary alyp barýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan barada has giňräk aýdyp bilersiňizmi?

Balas Horwat: BMG-niň Ösüş programmasynyň, umuman aýdylanda, BMG-niň Türkmenistandaky tutuş toparynyň ýurt bilen juda oňat gatnaşyklary bar. Biz bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäs. Elbetde, Türkmenistan käbir ugurlarda özgerişligi amala aşyrmaly, ýöne bu ýagdaýyň dünýäniň beýleki döwletlerine-de degişlidigini aýtmaly. Biz Türkmenistanyň hökümetine pensiýa reformalaryny kämilleşdirmek, HIV/AIDS-iň we inçekeseliň öňüni almak ýaly çärelerde hemaýat berýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy inçekeseliň öňüni almak boýunça programmalary amala aşyrýandygyňyzy aýtdyňyz, bu kesel esasan türmelerde köp ýaýraýar. Türkmenistdaky türmeleriň ýagdaýyna gözegçilik etmäge halkara guramalary, şol sanda ”Gyzyl Haç” guramasy goýberilmeýär. Siz bular barada näme aýdyp bilersiňiz?

Balas Horwat: Men bu barada maglumatym bolsa jogap bererdim. Ýöne bu meniň ugrum däl. Men diňe şeýle programmanyň bardygyny bilýän, emma onuň jikme-jiklerinden habarym ýok.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdyňyz, bu barada gürrüň berseňiz?

Balas Horwat: Dogurdanam, men geçen aý Türkmenistanyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Aşgabatda boldum. Konferensiýada öňe sürlen pikirleriň dürli-dürlüligi maňa uly täsir etdi. Şeýle-de men paýtagt Aşgabatdan, onuň ak mermerden gurlan binalaryndan hem hoşal boldum.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan adam hukuklarynyň bozulmalary, söz azatlygyny çäklendirmek boýunça ençeme halkara guramalar tarapyndan tankytlanyp gelinýär. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?

Balas Horwat: Adam hukuklary barada aýdylanda, Türkmenistan adam hukuklary boýunça tankyda sezewar bolupdy. Ýöne Türkmenistan bilen birlikde Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri hem bu mesele boýunça has giňden tankytlandy. Türkmen hökümetiniň biziň bilen esasan adam hukuklary meseleleri boýunça işleşýändigini uly hoşallyk bilen aýdýaryn. Bu biziň üçin juda bir tolgundyryjy başlangyçdyr. Şeýle-de biz türkmen hökümetiniň bu ugurda iş alyp barmaga taýýardygyna uly baha berýäs. Bärde edilmeli köp işler bar, ýöne eýýäm käbir öňegidişlikler gazanyldy.
XS
SM
MD
LG