Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýadaky amerikan harbylarynyň sany artdyrylar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Awstraliýada amerikan harbylarynyň bolmagynyň möhletini uzaltmak baradaky ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.

Obama bu baradaky beýanatyny Awstraliýanyň paýtagty Kanberrada ýurduň premýer-ministri Julia Gillard bilen geçiren gepleşiklerinden soň gurnalan metbugat konferensiýasynyň dowamynda aýtdy.

Ylalaşyga görä, geljek ýyldan başlap, amerikanyň 250 esgeri Awstraliýanyň demirgazygynda ýerleşdiriler. Bu san bäş ýylyň dowamynda 2,500-e çenli artar.

Obamanyň sözlerine görä, iki ýurduň arasynda harby hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagy Ýuwaş okean regionunda howpsuzlugyň berkemegine getirer

“Bu regionyň gün saýyn ähmiýeti artýar. Biraz wagtda bu sebitiň ekonomikasy dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň itergi güýjüne öwrüler. Söwda we kommersiýa hyzmatdaşlygy dowamly artýar. Şol sebäpli diňe biziň hyzmatdaşlygyz däl, eýsem regionuň howpsuzlygy hem 21-nji asyryň talaplaryna görä özgermeli” diýip, Obama belledi.
XS
SM
MD
LG