Sepleriň elýeterliligi

AI Azerbaýjandaky ýagdaýlara ünsi çekýär


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy halkara jemgyýetçiligini Azerbaýjanda adam hukuklarynyň bozulmalaryna üns bermäge çagyrdy.

Guramanyň Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada taýýarlan hasabatynda nygtalmagyna görä, soňky döwürde Azerbaýjanda oppozisiýa, ynsan hukuklaryny goraýjylara we žurnalistlere garşy repressiýalar artypdyr.

“Amnesty International” guramasy Azerbaýjanda mart aýynda geçirilen protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyna hem ünsi çekýär. Şol wagt tussag edilen 17 adam halkara guramasy tarapyndan “wyždan ýesiri” diýlip atlandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG