Sepleriň elýeterliligi

Anti-separatist pikirli çeçen şahyry öldürildi


Anti-separatist pikirli çeçen şahyry Ruslan Ahtakhanow Moskwada atylyp öldürildi. Derňewçileriň çaklmagyna görä, bu hakyna tutma öldürme bolmaly.

Akhtakhanow özüniň Moskwadaky jaýynyň ýanynda, ulagdan düşen wagty, näbelli hüjümçi oňa ençeme gezek ýaragdan ot açdy. Soňra hüjümçi ulagyna münüp, wakanyň bolan ýerinden gaçdy.

58 ýaşly Ahtakhanow özüniň “Men dünýä gahrymanlary beren Çeçenistana guwanýaryn” atly goşgular kitaby bilen giňden tanalýardy.

Akhtakhanow Çeçenistanda öz dogduk obasynda jaýlanar.
XS
SM
MD
LG