Sepleriň elýeterliligi

Siriýada dezertir harbylar aňtaw gullugynyň edarasyna hüjüm edipdir


Siriýada ýurduň ýaragly güýçlerinden aýrylan harbylar Damaskyň etegindäki harby aňtaw gullugynyň edarasyna hüjüm edipdir. Bu barada aktiwistler habar berýärler.

Harasta şäherinde geçen gije amala aşyrylan hüjümde harby-howa güýçleriniň aňtaw gullugynyň binasynyň käbir bölümleriniň weýran edilendigi habar berilýär.

Siriýanyň harby-howa güýçleriniň aňtaw gullugy iň gazaply guramalaryň biridir. Bu edara prezident Başar al-Assada garşy protestleri basyp ýatyrmak çärelerine hem gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG