Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Siriýa gandöküşligi togtatmak üçin üç gün wagt berdi


Arap Ligasy Siriýa üç günüň dowamynda repressiýalary bes edip, halkara synçylaryna ýurda gelmäge rugsat etmese, özleriniň Siriýa garşy sanksiýalary girizjekdigini mälim etdi.

Bu barada 16-njy noýabrda Morokkonyň paýtagty Rabatda Arap Ligasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň, Kataryň premýer-ministri şeýh Hamad Tani aýtdy.

“Biz Siriýada bolşy ýaly adamlaryň öldürilmegine ýol bermeris. Biz gandöküşligiň dowam etmegine, zorlugyň artmagyna biperwaý garap bilmeris. Hut şol sebäpli, siriýaly doganlarymyzyň ganynyň dökülmeginiň öňüni almak üçin, biz şeýle karara geldik”.

16-njy noýabrda, bu habardan soň, Morokkonyň hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Siriýadaky ilçihanalaryna hüjüm edildi. Fransiýa bolsa öz ilçisini Siriýadan yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG