Sepleriň elýeterliligi

Grek parlamenti Papademosyň geçiş hökümetine ynam bildirdi


Grek parlamenti Lukas Papademosyň hökümetine ynam bildirensoň, ýurduň premýer-ministri çykyş edip, özüniň esasy wezipesiniň ÝB we Halkara pul gaznasy tarapyndan hödürlenýän 130 milliard ýewrolyk maliýe kömeginiň kabul edilmegini parlamentde tassyklatmakdan ybarat boljagyny aýtdy.

Gresiýa bu maliýe kömegini kabul etse, bu çäre ýurdy defolta uçramak howpundan halas eder.

Ýöne, şol bir wagtda-da, häkimiýetler ilat arasynda nägilelik döredýän tygşytlaýyş boýunça berk çäreleri amala aşyrmak borjuny öz üstüne alarlar.

Geçen hepde, bergi krizisi sebäpli, ýurduň premýer-ministri Georgios Papandreu wezipesinden çekildi.
XS
SM
MD
LG