Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistana sapar edýän Westerwellä açyk hat ýollandy


Germaniýanyň daşary işler ministriniň 17-nji noýabrda Türkmenistana edýän sapary bilen bagly, “Serhetsiz reportýorlar guramasy” bilen adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondy” Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýy, adam hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça alada bildirip, onuň adyna açyk hat ýollady.

Bu açyk hatda metbugat azatlygy boýunça her ýyl ýaýradylýan hasabatda Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda iň soňky orunlary eýeläp gelýändigine Gido Westerwelläniň ünsi çekilýär.

Bu açyk hatda Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň ýurduň demokratiýalaşmagy baradaky dörän umytlaryň häzir puja çykanlygy nygtalýar.

Türkmenistanda žurnalistleriň, graždan aktiwistleriniň yzarlanýandygy, olardan Annagurban Amangylyjew bilen Sapardurdy Hajyýewiň henize çenli tussaglykda saklanýandygy bellenilýär.

“Serhetsiz reportýorlar guramasy” bilen “Türkmen Helsinki fondy” Ýewropa Bileleşiginiň öňde baryjy ýurdunyň wekili hökmünde Germaniýanyň baş diplomatynyň bu meseleleri gozgajagyna bil baglaýandyklaryny Westerwelläniň adyna ýollan açyk hatlarynda aýtdylar.
XS
SM
MD
LG