Sepleriň elýeterliligi

Türkmen geologiki zapaslarynyň 71 millard tonnadygy aýdylýar


Ýerli metbugatda berlen maglumatda Türkmenistanyň geologiki zapaslarynyň şertli ýangyç ölçegi boýunça 71 milliard tonnadan gowrakdygy aýdylýar.

Öň zaparlaryň möçberiniň 45 milliard tonna barabardygy aýdylypdy. Emma soňky geçirilen barlaglar Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň möçberiniň has köpdügini görkezdi diýlip, maglumatda bellenilýär.

Ýerli metbugatda aýdylýan bu sanlaryň hem gutarnykly däldigi, sebäbi ýurtda entek barlanmadyk ýataklaryň hem bardygy aýdylýar.

Bu sanlaryň Britaniýanyň “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasy tarapyndan tassyklanandygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG