Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada sapar edýär: ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesi


Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Türkmenistana sapar edýär. Ol türkmen paýtagty Aşgabatda syýasy gepleşikler geçirip, halkara nebit we gaz sergisine gatnaşar. Bu barada Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda aýdylýar.


Penşenbe güni Germaniýanyň daşary işler ministri Westerwelle prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşigiň baş temasy Hazar deňziniň tebigy gazyny Ýewropanyň gaz bazarlaryna ýetirjek gazgeçirijiniň gurluşygyna Türkmenistanyň gatnaşmak mümkinçilikleri barada boldy diýip, "Deutsche Presse Agentur" habar berýär.

Westerwelle daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşyp, syýasy ugurlar boýunça gepleşikler geçirer. Duşuşygyň gün tertibinde regional howpsuzlyk, Owganystan, Germaniýanyň Bonn şäherinde geçiriljek Owganystan boýunça halkara konferensiýasyna taýýarlyk işleri, şeýle hem ykdysady meseleler bar.

Germaniýanyň baş diplomaty Gido Westerwelle “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2011” atly halkara sergisine baryp, Germaniýanyň stendi bilen hem tanşar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary institutyna baryp, adam hukuklary boýunça tegelek stol diskussiýasyna gatnaşar.

Özüniň gaz zapaslary bilen dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi, sol sanda Germaniýa üçin alternatiw energiýa çeşmelerini döredip biljek ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Germaniýanyň daşary syýasat edarasy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara gowy baha berýär: Germaniýa ÝB ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň ikinji iň uly söwda hyzmatdaşydyr. Türkmenistan Germaniýanyň esasan tehnologiýa we awtoulag önümlerine isleg bildirýär. Türkmenistanda 50-den gowrak nemes kompaniýalary 100-den gowrak proýektler boýunça iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Berlinde, 2008-nji ýylyň 14-nji noýabry.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Berlinde, 2008-nji ýylyň 14-nji noýabry.

Resmi görkezijilere görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2009-njy ýylda 294 million ýewro, 2010-njy ýylda bolsa 330 million ýewro barabar bolupdyr. Bu dolanşygyň agramly bölegi Germaniýadan Türkmenistana eksport edilýän önümleriň paýyna düşýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda üç sany ikitaraplaýyn şertnama hereket edýär: 2001-nji ýylyň fewral aýynda baglaşylan howa transport şertnamasy we inwestisiýanyň goragy we goldanylmagy boýunça şertnama, şeýle hem 1981-nji ýylda baglaşylan goşa salgyt şertnamasy (Bu şertnama häzirki wagtda gaýtadan gözden geçirilýär diýlip, resmi maglumatlarda aýdylýar).

Türkmen-German hökümetara iş toparynyň üçünji maslahaty şu ýylyň 1-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriler diýlip, habar berilýär. Şeýle hem 30-njy noýabrda Aşgabatda ilkinji gezek Germaniýanyň biznes güni geçiriler.

Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklar 2002-nji ýylda güýje girizilen medeniýet boýunça ylalaşyga esaslanýar. Türkmenistanda Germaniýanyň ylmy alyş-çalyş gullugy (DAAD) tarapyndan hödürlenýän stipendiýalara uly gyzyklanma bildirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa 2008-nji ýylyň noýabr aýynda sapar edipdi. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa, iki ýurduň arasynda syýasy konsultasiýalar geçirilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG