Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: möhletinden öň parlament saýlawlary geçiriler


Gazagystanyň kanunlaryna laýyklykda, ýurduň Mejlisi dargadylan gününden beýläk iki aýyň dowamynda parlament saýlawlary geçirilmeli.
Gazagystanyň kanunlaryna laýyklykda, ýurduň Mejlisi dargadylan gününden beýläk iki aýyň dowamynda parlament saýlawlary geçirilmeli.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň parlamentini dargadyp, täzeden parlament saýlawlaryny geçirjekdigini mälim etdi. Prezidentiň permanyna görä, parlament saýlawlary geljek ýylyň 15-nji ýanwarynda geçiriler.

Nazarbaýew sişenbe güni bu mesele bilen bagly premýer-ministr Karim Masimow we parlamentiň spikerleri bilen maslahat geçirdi. Duşuşygyň netijeleri barada berlen resmi maglumatlarda oňa gatnaşanlaryň hemmesiniň Mejlisi dargatmak hem wagtyndan öň saýlawlary geçirmek meselesini goldandyklary aýdylýar.

Gazak kanunçylygy, deputatlar talap eden ýagdaýynda, prezidente saýlawlary wagtyndan öň geçirmäge ygtyýar berýär. Şeýle-de Nazarbaýewiň premýer-ministr we iki palataly kanun çykaryjy organyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, parlamenti dargatmaga hukugy bar.

10-njy noýabrda Gazagystanyň parlamentiniň 53 agzasy prezident Nursoltan Nazarbaýewden ýurduň Mejlisini dargatmagy hem-de möhletinden öň parlament saýlawlaryny geçirmegi haýyş etdipdi. Nazarbaýew Ýewropadaky bergi krisiziniň Gazagystana hem ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdyp, deputatlaryň bu teklibine garamagy wada beripdi.

Mejlisi dargatmak inisiatiwasy kanun çykaryjylaryň 2012-nji ýylyň ahyryna bellenen saýlawlar boýunça aladasy bilen däl-de, ykdysadyýet bilen meşgullanmaklaryna ýol açmak üçin görülýän çäre hökmünde düşündirilýär. Şeýle-de bu ädime Astananyň bir partiýaly sistema bilen bagly halkara tankydyndan aňsat dynjak bolmak synanyşygy hökmünde garalýar.

Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasy 105 orunly öňki Mejlisiň we 47 orunly Senatyň ähli orunlaryny eýeläpdi.

Näme özgerer?

Gazak Mejlisiniň deputaty Wladimir Nehoroşew geljekki parlamentiň iň bolmanda iki partiýadan düzüljekdigini çaklaýar. Onuň pikiriçe, geljekki saýlawlarda “Ak žol” partiýasynyň parlamentde ýer almak üçin ýeterlik ses gazanmak mümkinçiligi ýokary.

Gazagystanly syýasatşynas Dos Koşum ýurtda ýene bir parlament saýlawlarynyň geçirilmegi köp zady özgertmez diýen pikirde. Ol parlamente ýene bir partiýanyň agzalary saýlansa-da, şol partiýa ýasama oppozision partiýa bolar diýip çaklaýar. Onyň pikiriçe, saýlawlary möhletinden öň geçirmeklik Gazagystanda adaty ýagdaýa öwrülip barýar.

Dos Koşum bu ýagadaýyň saýlawlaryň adalatly geçmegine ýaramaz täsir edýändigini, şeýle ýagdaýlaryň adalatly saýlawlaryň prinsipini bozýandygyny nygtady:

—Gyşda azyk harytlarynyň bahalary gymmatlar diýlip garaşylýar. Dini ekstremizm we beýleki meseleler sebäpli ýurtdaky ýagdaý has dartgynlaşyp biler. Gyşda kynçylyk çeken adamlaryň ýazdaky parlament saýlawlarynda özlerini nähili alyp barjagy belli däl. Şonuň üçin, 6 aý öňünden bolsa-da, häkimiýetler parlament saýlawlaryny çaltrak geçirmek isleýärler.

Gazagystanyň kanunlaryna laýyklykda, ýurduň Mejlisi dargadylan gününden beýläk iki aýyň dowamynda parlament saýlawlary geçirilmeli.

Agzalarynyň ählisi “Nur Otan” partiýasyndan bolan Gazagystanyň dargadylan Mejlisi 2007-nji ýylyň awgust aýynda 5 ýyl möhlet bilen saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG