Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Meksika serhedinde 17 tonna neşe ele salyndy


Amerikanyň we Meksikanyň serhet araçäginde 17 tonna golaý marihuana ele salyndy, şeýle-de neşe serişdeleri daşalan gizlin geçelgäniň üsti açyldy.

Geçelge Amerikanyň San-Diýego şäherindäki we Meksikanyň Tihuana şäherindäki ammarlary birleşdirýär, onuň uzynlygy 400 metre deňdir.

San-Diýegodaky ammarda bir ýük maşynynyň içinden 9 tonna golaý marihuana tapyldy. Meksikanyň resmileri bolsa, öz serhedinde sekiz tonna golaý beňi ele saldy.
XS
SM
MD
LG