Sepleriň elýeterliligi

Ak Tama ok atmakda gümän edilýän ele salyndy


Amerikan polisiýasy geçen hepdede Ak Tama ok atmakda gümän edilýän adamy ele saldy.

Resmileriň maglumatyna görä, 21 ýaşly Oskar Ortega-Hernandez Pensilwaniýanyň ýerli güýçleri tarapyndan tutulypdyr. Resmiler onuň näme maksat bilen şeýle hereket edendigini aýtmadylar.

Geçen anna güni Ak Tama iki ok atylypdy, hiç kime şikes ýetmändi.

Soňky gezek Ak Tama 1994-nji ýylda ok atylypdy. Şonda Fransisko Martin Duran prezident Bil Klintony öldürmek üçin ýarym-awtomatik ýaragdan 27 gezek ot açypdy. Onda hiç kime zeper ýetmedi. Duran 40 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG