Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýadaky ýagdaýlar boýunça alada bildirýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýadaky dowam edýän krizis eýýämden graždan urşuny ýatladyp başlady diýýär.

Mundan öň, çarşenbe güni Siriýada ýurduň ýaragly güýçlerinden aýrylan harbylar Damaskyň etegindäki harby baza hüjüm edipdi.

Lawrowyň sözlerine görä, dünýä jemgyýetçiligi Siriýadaky ähli taraplary, şol sanda ýurduň oppozisiýasyny gazaplylygy bes etmäge çagyrmaly.

BMG-niň maglumatlaryna görä, mart aýynda başlanan protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagynda 3,500 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG