Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasy Siriýa repressiýasyny bes etmegi üçin üç gün möhlet berdi, sanksiýa girizjegini duýdurýar


Siriýanyň Idlib şäherinde hökümete garşy protestçiler demonstrasiýa geçirýärler, 11-nji noýabr.
Siriýanyň Idlib şäherinde hökümete garşy protestçiler demonstrasiýa geçirýärler, 11-nji noýabr.

Arap Ligasy, protestçilere garşy alyp barýan gandöküşikli repressiýasyny bes etmegi üçin, Siriýa hökümetine üç gün möhlet berdi. Siriýanyň agzalygyny geçen hepdäniň soňunda wagtlaýyn togtadan Liga, ýoluny üýtgetmese, Damaskyň garşysyna sanksiýalary girizjekdigini duýdurýar.


Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine öz garşysyna çykan protestçilere edýän gandöküşikli zulum-sütemini bes etmegi üçin üç gün möhlet berdiler. Damask şeýle hem bu talabyň ýerine ýetirilmegini barlamaklary üçin gözegçilere ýurda barmaga ýol bermeli.

Arap Ligasy, eger siriýa režimi hyzmatdaşlyk etmese, garşysyna maliýe sanksiýalaryny girizjekdigini aýdýar. Bu ultimatum 16-njy noýabrda Arap Ligasynyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçen duşuşygynda yglan edildi. Bu duşuşyga Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu hem gatnaşdy.

“Synlap durup bilmeris”

Duşuşykdan soň geçen metbugat ýygnagynda Kataryň premýer-ministri Şeýh Hamad bin Jassem al-Sani Siriýa barada indi arap diplomatiýasynyň soňunyň görnüp ugrandygyny aýtdy:

—Zorlugyň, ölümiň barha artmagynyň öňüni almak üçin biz Siriýadaky ýaly adamlaryň beýle köpçülikleýin öldürilmegini keseden synlap durup bilmeris. Biziň hemmämiz üçin bir kyn karara gelmegimiziň sebäbi şol. Siriýadaky doganlarymyzyň ganyny goramak biziň borjumyz. Howpsuzlygy, durnuklylygy saklap, oňat geljege ýüzlenmegi üçin Siriýa krizisini arap planyna laýyklykda çözmekde beren wadalaryny ýerine ýetirmegini Siriýa hökümetinden soramagymyzyň hem sebäbi şol.

Damask Arap Ligasy bilen işleşmekden boýun gaçyran halatynda onuň garşysyna sanksiýalaryň giriziljekdigini hem al-Sani duýdurypdyr. Aýdylyşyna görä, Arap Ligasy öz ekspertlerinden Siriýanyň garşysyna ykdysady jeza çäreleri üçin plan düzmegi sorapadyr.

Eger-de Siriýa teklip edilen ýaraşyk planyny ýerine ýetirmese, Liga onuň agzalygynyň wagtlaýynça togtadylmagy barada 12-nji noýabrda ses berdi. Bu plan boýunça Damask biynjalyk şäherlerden tanklaryny yza çekmeli, protestçilere hüjüm etmegi bes etmeli, şeýle hem iki hepdäniň içinde oppozisiýa bilen gepleşiklere girişmeli.

Damaskyň agzalygynyň wagtlaýyn ýatyrylmagy 16-njy noýabrda güýje girmeli edilipdi. Siriýa resmileri bu duşuşyga gatnaşmadylar. Agzalygyň wagtlaýyn togtadylmagyny Waşington gutlady. Moskwa bolsa ony “nädogry” diýip häsiýetlendirdi.

Ilçihanalara hüjüm

Fransiýa bilen Marokko çarşenbe güni öz ilçilerini Damaskdan yzyna çagyrdylar. Şeýdip, Siriýa halkara derejesinde üzňelige düşüp ugrady.

—Täzeden gazaply hereketleriň turmagy Halap we Latakiýede diplomatik wekilhanalaryň ýapylmagyna, biziň öz ilçimizi yzyna Pariže çagyrmagymyza sebäp boldy—diýip, Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpe aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministriniň bu ýerde göz öňünde tutýany geçen hepdäniň soňunda Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň diplomatik missiýalaryna Siriýada hökümetiň tarapdarlarynyň eden hüjümleri. Siriýada hökümetiň tarapdarlarynyň çarşenbe güni Marokkonyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň hem ilçihanalaryna hüjüm edendikleri aýdylýar.

Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül ilçihanalara edilýän hüjüm dowam etse, onuň getirip biljek netijeleri dogruda duýduryş berdi:

—Siriýada biziň bolmagymyza, raýatlarymyza, ilçihana, diplomatlara we diplomatik missiýalara edilýän hüjümleri kabul etmek mümkin däl. Biz bu hüjümi berk ýazgardyk. Ýöne gerekli çäreler görülmän, bu iş gaýtalansa, biziň reaksiýamyz tapawutly bolar.

Gazap

Bu aralykda oppozisiýanyň tarapyna geçen harbylaryň paýtagtyň golaýynda aňtaw gulluklarynyň karargähine hüjüm edip, howpsuzlyk güýçlerinden azyndan 6 adamy öldürendigini bildirildi.

Waşingtonda Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toner režimiň edýän zulum-süteminiň oppozision güýçleriň zorluga ýüz urmagyna getirendigini belledi:

—Oppozision hereket başlananda, ol parahatçylykly hereketdi. Ýurduň beýle howply ýola düşmegine getiren režimiň bigünä protestçilere garşy alyp barýan gazaply kampaniýalaryny gaýtalamgy.

Aýdylyşyna görä, howpsuzlyk güýçleri Homsda, Idlibde we Damaskda parahat ilatdan13 adamy öldüripdirler.

Birleşen Milletler Guramasy mart aýynda Siriýada gozgalaň başlaly bäri howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilen adamlaryň sanyny 3,500-den gowrak diýip görkezýär.
XS
SM
MD
LG