Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Germaniýanyň baş diplomaty türkmen metbugatynyň ýagdaýyna üns bermäge çagyryldy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we daşary işler ministri Gido Westerwelle

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we daşary işler ministri Gido Westerwelle

Fransiýada ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy we Bolgariýada ýerleşýän “Türkmen Helsinki fondy” Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwellä ýüzlenip ýaýradan açyk hatynda ony Türkmenistana saparynyň dowamynda ýurtda söz we pikir azatlygynyň çäklendirilmegine degişli problemalary gozgamaga çagyrdylar. Germaniýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary 17-18-nji noýabrda geçýär.


“Serhetsiz reportýorlar” guramasy we “Türkmen Helsinki fondy” Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna ünsi çekýärler. Olaryň bilelikde ýaýradan açyk haty Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelliniň Aşgabada edýän sapary bilen baglanyşykly.

Žurnalsitleri we adam hukuklaryny goraýan, hökümete degişli bolmadyk bu guramalar Germaniýanyň wekiliniň türkmen häkimiýetleri bilen gepleşiklerinde ýurtda žurnalistleriň we adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekmegini isleýärler. Bu barada “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili Ýohan Bir Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Yzygiderli alada bildirilýär

Hökümete degişli bolmadyk halkara guramalaryň ençemesi, şol sanda “Serhetsiz reportýorlar” Türkmenistanyň syýasy režimini diktatura hökmünde häsiýetlendirip, ýurtda informasiýa, söz we pikir azatlygynyň berk çäklendirilmegine aladalanma bildirip gelýärler we demokratik gymmatlyklara eýerýän Günbatar döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň türkmen tarapy bilen gepleşiklerine gabatlap, ýurtdaky problemalara yzygiderli ünsi çekip gelýärler.

“Serhetisz reportýorlar” guramasydan Ýohan Bir açyk hatda görkezilen rekomendasiýalaryň Aşgabatdaky türkmen-german gepleşiklerinde hasaba alynjagyna umyt baglaýar.

—Biz Ýewropa ýurtlarynyň Türkmenistan bilen gaz we strategiýa boýunça ylalaşyk baglaşmak bähbitlerine gowy düşünýäris. Emma ýurduň metbugat azatlygynyň ýaramaz ýagdaýyny ünsden düşürilmegi ýol bererlikli däl. Biziň hasabatlarymyzda Türkmenistan iň aşaky setirlerde ýerleşýär we beýle ýagdaý ýyllar boýy dowam edip gelýär. Türkmenistan dünýäniň iň aýylganç diktaturalarynyň biri.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy we “Türkmen Helsinki fondy” açyk hat arkaly Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwellä, hususan-da, ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Sapardurdy Hajyýewiň we žurnalist Annagurban Amangylyjowyň türmeden boşadylmagy üçin elinden gelenini etmegi ündediler.

2006-njy ýylda Fransiýanyň “France-2” döwlet telekanalyna Türkmenistan barada dokumental filmi taýýarlamaga ýardam beren aktiwist Sapardurdy Hajyýew we žurnalist Annagurban Amangylyjow 6 we 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

“Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa aktiwist Hajyýewiň we žurnalist Amangylyjowyň ykbaly barada maglumatlaryň örän çäklidigini aýtdy. Begmedowanyň pikirine görä, munuň özi aktiwistleriň wyždan ýesirleridigini we syýasy režimiň pidasydygyny görkezýär.

Gepleşikleriň netijeliligi

Täjigül Begmedowa demokratik döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistanyň hökümeti bilen geçirýän gepleşiklerine ähmiýet berilýänligini we şeýle gepleşikleriň ýurtda halkyň kanuny hukuklaryna hormat goýlup başlanmagyna täsir ýetirjegine umyt baglanýanlygyny belleýär.

Emma Begmedowa soňky döwürde Günbatar döwletleriniň Türkmenistanyň adyna edýän tankytlarynyň badynyň gowşanlygyny hem aýdýar we munuň sebäbini ýurtdaky problemalaryň azalmagynda däl-de, Günbataryň Türkmenistan bilen ykdysady we energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmeginde görýär.

—Gynansak-da, geosyýasy bähbitler sebäpli Günbatar döwletleri Türkmenistanyň ýapyklyk syýasatyny ýazgarmakdan saklanýarlar. Olar şeýdip, Türkmenistany ykdysady ylalaşyklara çekmegi gazanmak isleýärler—diýip, Begmedowa aýdýar.

Gemaniýanyň daşary işler ministriniň Aşgabada saparynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň baş temasy Hazar deňziniň tebigy gazyny Ýewropanyň gaz bazarlaryna ýetirjek gazgeçirijiniň gurluşygyna Türkmenistanyň gatnaşmagyna degişli boldy. Bu barada Germaniýadan DPA agentligi habar berdi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary institutyna baryp, adam hukuklary boýunça tegelek stol diskussiýasyna gatnaşar. Bu barada Germaniýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistany dünýäde öz raýatlarynyň azatlyklaryny iň berk çaklendirýän ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. “Serhetsiz reportýorlar” we Nýu Ýorkda ýerleşýän “Freedom House” guramalarynyň şu ýylky hasabatlarynda Türkmenistanda açyklyk we metbugat azatlygy taýdan ýagdaýyň gowulanmanlygy bellenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG