Sepleriň elýeterliligi

Eýran boýunça rezolýusiýanyň taslamasy makullandy


Dünýä liderleri Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly rezolýusiýanyň proýektini makulladylar. Bu rezolýusiýada Eýranyň ýadro programmasynyň halkara jemgyýetçiliginde “çuňňur aladalanma” döredýändigi aýdylýar.

Bu dokument Eýranyň ýadro programmasyny togtatmagy üçin, diplomatiki basyşy artdyrymak maksady bilen hödürlenýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary we Germaniýa tarapyndan makullanan rezolýusiýada Eýran häkimiýetleriniň Halkara atom energiýasy gullugy bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigi aýdylýar.

Şeýle hem dokumentde Eýran häkimiýetlerine ýadro programmasy bilen bagly hemme dokumentleri, maglumatlary HAEG-niň wekillerine elýeterli etmäge çagyryş edilýär.

Bu rezolýusiýanyň taslamasy 18-nji noýabrda düýbi Wenada ýerleşýän Halkara atom energiýasy gullugynda maslahata goýlar.

BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugynyň ýolbaşçysy Ýukiýa Amano 17-nji noýabrda eden çykyşynda Eýranda ýadro ýaragyny döretmek ugrunda iş geçirilip-geçirilmeýändigini barlamak üçin, bu ýurda ýokary derejeli delegasiýany ibermegi teklip etdi.

“Men 2-nji noýabrda Eýranyň wise-prezidentine we ýurduň Atom energiýasy boýunça agentliginiň prezidentine hat ýazyp, soňky hasabatdaky sübheleri aradan aýyrmak üçin, Eýrana ýokary derejeli topary ibermegi teklip edipdim” diýip, Amano aýtdy.
XS
SM
MD
LG