Sepleriň elýeterliligi

Siriýada “Baas” partiýasynyň edaralaryna hüjüm edildi


Siriýada oppozisiýanyň tarapyna geçen harbylar ýurdy dolandyrýan “Baas” partiýasynyň edaralaryna hüjüm etdiler.

Käbir maglumatlara görä, gozgalaňçylar “Baas” partiýasynyň Idlib welaýatynda ýerleşýän edaralaryna granat zyňypdyrlar.

Häzir “Baas” partiýasynyň edaralarynda oppozisiýany basyp ýatyrýan Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýada dowam edýän krizisiň graždan urşuny ýatladyp başlandygyny aýtdy.

Stambulda geçýän Gara deňziň energiýa hem ykdysady forumynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Siriýadaky ýagdaýa alada bildirdi:

—Biz sebitde dörän bu betbagtçylygy diňe energiýa howpsuzlygymyzy üpjün etmek üçin däl-de, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy hem raýdaşlygy gorap saklamak üçin togtatmaga synanyşmaly. Biz adamlaryň agysyny eşidip, gandöküşligi bes etmek üçin, eglenmezden hereket edip başlamalydyrys.

Şeýle hem Erdogan halkara jemgyýetçiliginiň, nebite baý Liwiýadan tapawutlykda, Siriýadaky ýagdaýa ýeterlik üns bermeýändigini nygtady.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada mart aýynda başlanan protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagynda 3,500 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG