Sepleriň elýeterliligi

Westerwelle Aşgabatda boldy: adam hukuklary, “Nabukko” we Owganystan barada maslahat edildi


Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Aşgabada resmi sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirdi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynda hem duşuşyklara gatnaşdy.

Westerwelläniň Türkmenistana saparynyň dowamynda “Nabukko” proýektiniň perspektiwalary we adam hukuklary bilen bagly ýagdaýlar maslahat edildi. Onuň Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, Owganystandaky ýagdaý, şeýle-de “Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşygy bilen bagly planlar boýunça meseleler maslahat edildi.

DIM-de bolan gepleşiklerde Germaniýanyň daşary işler ministri Westerwelle Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak baradaky meseläni gozgady. Ýöne haýsy meselelere seredilendigini anyklamady. Haýsy temalaryň gozgaljagynyň jemgyýetçilik wekilleri bilen geçiriljek duşuşykda belli boljakdygyny Westerwelle aýtdy diýip, DPA agentligi onuň Demokratiýa we adam hukuklary institutynda tegelek stoluň başyndaky diskussiýa gatnaşandygyny ýazýar.

Westerwelläniň Türkmenistana saparynyň öň ýany düýbi Fransiýada ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy bilen Bolgariýadaky “Türkmen Helsinki Fondy” Westerwellä ýüzlenip ýaýradan açyk hatynda ony 17-18-nji noýabr günleri Türkmenistana etjek saparynyň dowamynda Türkmenistanda söz we pikir azatlygynyň çäklendirilmegine degişli problemalary gozgamaga çagyrypdylar.

Bolgariýadaky “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa saparda gozgalan meseleler barada entek maglumatyň gelmändigini, ýöne indiki hepde Germaniýanyň Daşary işler ministrliginden soramakçydyklaryny mälim etdi. Ol Westerwelläniň bu saparyndan adam hukuklary bilen bagly gowy netijelere garaşýandygyny aýtdy.

Energiýa hyzmatdaşlygy

Berdimuhamedow bilen duşuşykdan soň Westerwelle “Nabukko” proýekti boýunça gepleşikleriň üstünlikli tamamlanjagyna, ony amala aşyrmaga Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşjagyna ynam bildirdi.

“Germaniýa Türkmenistan bilen diňe bir söwda şertnamalaryny baglaşmaga däl, uzak möhletleýin syýasy we ykdysady partnýorlygy ösdürmäge ýykgyn edýär” diýip, Westerwelle nygtady. Öz gezeginde Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklara “örän gowy” diýip baha berdi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary aktiwleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Bu barada DPA agentligi habar berýär.

Türkmen metbugatynyn ýazmagyna görä, Berdimuhamedow Ýewropanyň, şol sanda Germaniýanyň uly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini, munuň şol kompaniýalarda ägirt uly ylmy we önümçilik potensialyň bardygy, şol kompaniýalaryň öz partnýorlyk borçlaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýändigi bilen baglydygyny nygtapdyr. Ol muňa mysal hökmünde Hazaryň türkmen ýalpaklaryny özleşdirmek boýunça iş alyp barýan “RWE” nemes kompaniýasyny mysal getiripdir.

Mundan öň türkmen gazyny Ýewropa ýurtlaryna akdyrmak boýunça Awstriýanyň prezidenti Hans Fişer, Wengriýanyň prezidenti Pal Şmidt, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Pýer Morel, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Daniýel Şteýn Aşgabatda gepleşikler geçiripdiler.

“Owganystan boýunça halkara konferensiýa taýýarlygyň gidişi-de Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen maslahat edildi” diýip, Westerwelle aýtdy. Şol forum 5-nji dekabrda Bonnda geçiriler. Oňa dünýäniň köp ýurtlaryndan 90 töweregi delegasiýa gatnaşar.
XS
SM
MD
LG