Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda nebit-gaz forumy öz işini tamamlady


Penşenbe güni Aşgabadyň «Sergi köşgünde» halkara nebit-gaz forumy öz işini tamamlady.

Üç gün dowam eden bu forum Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynyň garaşsyzlygyň 20 ýyllyk taryhyndaky ösüşine bagaşlanylyp geçirildi.

Onuň işine Birleşen Ştatlar, Orsýet, Britaniýa, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Ýaponiýa, Malaýziýa, Indoneziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ençeme daşarky ýurtlaryň energiýa kompaniýalaryndan 500 töweregi delegatyň gatnaşandygy habar berilýär.

Maglumata görä, forumyň esasy temalaryndan birem Türkmenistanyň tebigy gazyny mundan beýläk-de dünýä bazaryna çykarmak mümkinçilikleri bilen baglanyşykly bolupdyr.
XS
SM
MD
LG