Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Parahatçylyk Korpusynyň işgärleri Gazagystany terk edýär


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Gazagystandaky ilçihanasy bu ýurtdaky Parahatçylyk Korpusynyň işgärleriniň Gazagystany terk etjekdiklerini tassyklady.

ABŞ-nyň ilçihanasy munuň sebäbini soňky wagtlar Gazagystandaky howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy bilen baglanyşdyrdy.

Ýakyn günlerde bu ýagdaý bilen baglanyşykly ABŞ-nyň Parahatçylyk Korpusynyň ýörite beýannama ýaýratmagyna garaşylýar.

Häzirki wagt Gazagystanda Parahatçylyk Korpusynyň 121 işgäri iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG