Sepleriň elýeterliligi

Ýewraziýa ykdysady bileleşigini döretmek barada ylalaşyldy


Şu gün Moskwada Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň döwlet liderleri Ýewraziýa ykdysady bileleşigini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Bu üç döwlet mundan ozal hem özara umumy bir gümrük bileleşigini döredipdiler.

Şu günki gol çekilen deklarasiýada bu täze döredilen Ýewraziýa ykdysady bileleşigini 2015-nji ýyla çenli postsowet döwletleriniň aglabasyny öz içine alýan uly bir Bileleşige öwürmekligiň maksat edilip goýulýandygy aýdylýar.

Ýakynda eden çykyşlarynyň birinde Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin täze dörediljek Bileleşigiň ozalky Sowet respublikalaryny birek-birege ýakynlaşdyrjak we Ýewropa Bileleşigine meňzeş özboluşly bir Bileleşik bolmalydygyny nygtapdy.
XS
SM
MD
LG