Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky Timoşenkonyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar


Şu gün Ukrainanyň «Batkywşina» partiýasynyň başlygynyň orunbasary Oleksandr Turçinow tussaglykdaky Ýuliýa Timoşenkonyň saglyk ýagdaýynyň görnetin ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

Oleksandr Turçinow Ýuliýa Timoşenkonyň syýasy partiýasynyň başlygynyň orunbasary hökmünde iş alyp barýar.

Ol şu günki eden çykyşynda Timoşenkonyň tussaglykda gynalýandygyny öňe sürüp, onuň saglyk ýagdaýynyň hem görnetin ýaramazlaşýandygyny nygtady.

Şeýle hem, ol Ýuliýa Timoşenkonyň adwokatlarynyň açyk hat ýazyp, Dünýä Saglyk Guramasyny, Serhetsiz Lukmanlar Guramasyny we Halkara Gyzyl Haç Guramasyny Timoşenkonyň tussaglykdaky saglyk ýagdaýyna üns bermeklige çagyrandyklaryny aýtdy.

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, geçen aý 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG