Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-nyň Owganystanda neşä garşy göreşinden kanagatlananok


Anna güni Orsýetiň neşelere garşy göreş alyp baryjy Federal gullugynyň direktory Wiktor Iwanow Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky neşe önümçiligine garşy göreşiniň kanagatlanarsyzdygyny aýdyp, çykyş etdi.

ABŞ-nyň Çikago şäherinde neşä garşy göreş meselesi boýunça geçirilýän maslahatda eden bu çykyşynda Wiktor Iwanow Birleşen Ştatlaryň 2009-njy ýyldan başlap Owganystandaky göknar plantasiýalaryny ýok etmek kampaniýasyny tapgyrlaýyn togtatmagyny tankyt etdi.

2009-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystandaky bu çärelerde esasy tagallany neşe gaçakçylygynyň öňüni almak çärelerine gönükdirmekligi karar edipdi.
XS
SM
MD
LG