Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Başar al-Assada garşy tutanýerli çärelere çagyrýar


Anna güni Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpe BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy tutanýerli çäreleri görmeklige çagyrdy.

Hususan-da, ol Siriýada parahat demonstrasiýaçylara garşy rehimsiz çäreleriň kem-kem möwç alýandygyny aýdyp, bu ýagdaýlar boýunça aýgytly hereket etmäge wagt bolandygyny nygtady.

Alen Žüpe bu barada anna güni Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bilen geçirilen gepleşikleriniň yzýany gurnalan metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy şu ýylyň martyndan bäri Siriýadaky protest çykyşlarynyň barşynda 3 müň 500-den gowrak adamyň öldürilendigini tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG