Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ekologiýa boýunça halkara konferensiýasy açyldy


Şu gün Aşgabatda ekologiýa meselesine bagyşlanylyp, halkara konferensiýasy açyldy.

Bu konferensiýa «Ekologiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler» ady bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş ministrligi tarapyndan gurnalýan bu forumyň işine dünýäniň 17 ýurdundan resmileriň we spesialistleriň gatnaşýandyklary habar berilýär.

Maglumata görä, iki gün dowam etjek bu forumda olar daşky sredany goramak hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG