Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki protestlerde azyndan 10 adam öldi


Düýn Müsüriň paýtagty Kairde howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy güýç ulanmaklary netijesinde azyndan 10 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Bu wakada Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynda müňlerçe protestçiler häkimiýet başyndaky harbylardan häkimiýeti adaty graždan hökümetiniň dolandyryşyna tabşyrmaklygy talap edip, çykyş etdiler.

Ýewropa Bileleşigi Müsüriň harby hökümetiniň protestçilere garşy güýç ulanmagyny berk ýazgardy. Bileleşigiň daşary syýasat bölüminiň ýolbaşçysy Katerin Aşton Müsüriň harby hökümetini protestçilere garşy güýç ulanmaklygy bes etmäge hem-de demokratik ýol bilen geçiş prosesini amala aşyrmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG