Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalistine hüjüm boýunça jenaýat işi gozgaldy


Düýn Azerbaýjanyň häkimiýetleri hepdäniň şenbe güni azerbaýjanly belli ýazyjy we žurnalist Rafik Taginiň janyna kast etmek synanyşygy bilen bagly waka boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdiler.

Şu geçen şenbe güni agşamlyk Baku şäherinde bir näbelli adam ýazyjy Rafik Tagä hüjüm edip, ony ýenjipdi we pyçaklapdy. Oňa operasiýa eden doktorlar häzirki wagt onuň janyna howp abanmaýandygyny mälim etdiler.

2007-nji ýylda Bakuwyň raýon sudy yslam dini hem-de Muhammet pygamber barada ýazan tankydy makalasy bilen baglanyşykly ýazyjy Rafik Tagini üç ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Onuň ýazan bu makalasy üçin Eýranyň ruhanysy, Baş Aýatolla Fazel Lankarani hem azerbaýjanly ýazyja garşy fatwa, ýagny, ölüm jezasyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG