Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeşde 1971 wakalary boýunça sud diňlenişigi başlandy


Düýn Bangladeşiň paýtagty Dhakada Bangladeşiň Pakistandan garaşsyz bolmagy ugrundaky göreşde bu ýurda dönüklik edenlikde aýyplanýan adamlaryň işi boýunça ilkinji sud diňlenişigi başlandy.

Düýnki diňlenişikde “Jamaat-i-Islami” atly dini partiýanyň liderlerinden biri Delawar Hossaýin Saediniň işine garaldy. Ýurduň sülçüleri ony 1971-nji ýylyň urşy bilen baglanyşykly genosidde, adam zorlamakda we dini yzarlamalary alyp barmakda aýyplaýarlar.

Bangladeşiň ýörite sudy bu ýurduň Pakistandan garaşsyz bolmak ugrundaky göreşinde Pakistanyň güýçleri bilen gizlin hyzmatdaşlyk edenlikde güman bildirilýän adamlaryň işi boýunça sud işini alyp barar.

Bangladeş 1971-nji ýylda dokuz aýa çeken uruşdan soň, Pakistandan bölünip aýrylypdy.
XS
SM
MD
LG