Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ispaniýada aram sagçy partiýa parlamentde köplügi gazandy


Düýn Ispaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda oppozision «Halk partiýasy» atly aram sagçy partiýa parlamentdäki orunlaryň aglaba köpçüligine eýe boldy.

Munuň özi soňky ýedi ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelen sosialistleriň parlamentdäki agdyklygy elden giderendigini aňladýar.

Ispaniýadaky bu saýlawlaryň deslapky netijesine görä, saýlawlarda ýeňiş gazanan «Halk partiýasy» 350 orunlyk aşaky palatadan 186 orny eýeledi diýlip hasaplanylýar.

Saýlawlaryň gutarnykly netijesi yglan edilenden soň, bu partiýanyň lideri Mariano Rajoý premýer-ministriň wezipesini eýelär diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG