Sepleriň elýeterliligi

“Altyn naryň topragy”


Çüli jülgesinde

Çüli jülgesinde

Ýaňy-ýakynda Moskwada “Altyn naryň topragy” ady bilen almanah çap edildi. Almanah özüniň sahabynda “Türkmenistan rus poeziýasynda, prozasynda we şekillendiriş sungatynda” diýlip atlandyrylýar.

Almanah düýbi Moskwada ýerleşýän “Rus dünýäsi” fondy, “Edermenlik hem Gumanizm” halkara birleşigi, Orsýet-Türkmenistan öýi tarapyndan maliýeleşdirildi.

Almanahyň başynda “Russiýadaky türkmenileriň we Türkmenistandan çykanlaryň Kongresi” atly Umumyorsýet jemgyýetçilik guramasynyň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Myrat Annamämmedowyň ýüzlenmesi bar. Ol bu neşiriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna we “Orsýet we Türkmenistan. Geljekde bilelikde” dostluk şertnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllgyna bagyşlanýandygyny aýdýar.

Bu almanahy düzüji, belli rus şahyry hem terjimeçi Mihail Sinelnikow “Düzüjiden” ady bilen giň sözbaşy ýazypdyr hem bu ýere alnan awtorlar barada gysgaça maglumat beripdir. Soňra rus şahyrlarynyň 30-dan gowragynyň Türkmenistan hem türkmenler baradaky goşgulary ýerleşdirilipdir. Onuň yzyndan üç rus ýazyjysynyň Türkmenistan baradaky proza eserleri berilýär. Şol sanda dünýä belli rus ýazyjysy Andreý Platonowyň “Takyr” hem “Jan” powestleri-de bar.

Almanahyň soňunda belli türkmen hudožnigi Wladimir Artykowyň birnäçe işiniň foto reproduksiýasy ýerleşdirilipdir hem bu suratkeş barada giňişleýin makala berlipdir.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally bu almanahy düzüji M.A. Sinelnikow bilen gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Mihail, beýle almanahy döretmek ideýasy nähili döredi?

M.A. Sinelnikow

M.A. Sinelnikow

M.A. Sinelnikow: Moskwada hereket edýän Orsýet-Türkmenistan öýi özüniň neşir işleriniň çäginde şeýle almanahy çap etmegi karar edipdir. Meni çagyryp, şeýle almanahy düzmegi teklip etdiler. Sebäbi men Moskwanyň Aziýa-Afrika institutynda, Rus poeziýasy Aziýa-Afrika barasynda diýen temadan sapak berýän. Onda birnäçe leksiýa Türkmenistana hem türkmen edebiýatyndan edilen terjime işlerine degişli. Şonuň üçin olaryň maňa ýüz tutmaklary kanuna laýykdyr.

Men bu işe höwes bilen girişdim. “Altyn naryň topragy” onuň ilkinji sany. Şu adyň bu almanahda hemişelik galmagy mümkin. Bu Wladimir Lugowskoýyň Türkmenistana bagyşlan goşgusyndan bir setir. Meniň türkmen edebiýaty bilen ýakyndan gatnaşygym bar. Rus ýazyjy-şahyrlary wagtynda Türkmenistan barada köp zat ýazdy. Şonuň üçin bu almanaha olardan diňe bir bölek girizildi. Ýöne men ol ýere iň gowularyny girizmäge çalyşdym.

H. Hally: Bu hakykatdanam şeýle. Bu ýerde türkmeniň bütin dünýäsi bar. Tebigaty, durmuş-ýaşaýyş şertleri, gadymyýeti hem täze taryhy, ýer-toprak aýratynlyklary – bularyň ählisini almanaha girizilen eserlerden görmek mümkin. Bu ýerde 40 çemesi ýer-ýurt atlary ýatlanýar. Ençeme türkmen sözleri bar. Ol biziň düýnümiz. Şonuň üçin bu näme? Ýürek owazymy ýa-da Nikolaý Tihonow aýtmyşlaýyn “Gözi ýaşly hoşlaşmakmy?”

M.A. Sinelnikow: Hä... Munuň ol hem beýleki bolmagy mümkin. Nähilem bolsa Türkmenistan meni hemişe tolgundyryp geldi. Hut çeper edebiýaty boýunça Türkmenistan öz açyklygy hem aýdyňlygy bilen mydama meniň göz öňümde. Onuň ýowuz durmuşy-da, şol wagtyň özünde çydamlylyk çäkleri-de onuň poeziýasyna siňipdir. Türkmenleriň örän beýik awtorlyk poeziýasy bar. Onuň klassyka degişli bir bölegi A. Tarkowskiý ýaly ussatlar tarapyndan rus diline terjime edildi. Men ol ynsany ýakyndan tanaýardym. Ol türkmenler barada köp gürrüň beripdi.

Şonuň bilen birlikde Türkmenistan bilen baglanyşykly rus edebiýaty hem bar. Olardan A. Platonowyň genial powesti bu almanaha alyndy. Örän talantly ýazyjy Wladimir Koziniň powesti bar. Moris Semaşkonyň Magtymgulynyň ömri baradaky powesti hem ünsi özüne çekerlikdir. Elbetde, rus ýazyjy-şahyrlarynyň ýazan zatlary munuň bilen çäklenmeýär. Konstantin Paustowsikiniň “Garabogaz” powestini we beýleki ençeme eserleri ýatlap bolar. Ýöne meniň saýlanlarym nähilem bolsa has möhümräkleri.

H. Hally: Almahana girizilen eserleriň saýlanyşyna söz ýok. Olardan proza eserleri düşnükli diýsek, sen beýle ajaýyp goşgulary nädip seçip aldyň?

M.A. Sinelnikow: Islendik saýlap-seçiş subýektiw häsiýetde bolýar. Meniň göwnüme bolmasa, türkmen durmuşyndan ýazylan proza eserleri däl, eýsem poeziýa-da ýeterlik derejede baý. Bu ýerde Sowet Soýuzy döwründe ykrar edilen birnäçe şahyrlar bar. Olardan N. Tihonow, W. Lugowskoý uly abraýa eýedi. Şonuň bilen birlikde olardan gaty bir pes bolmadyk Adelina Adalis, Georgiý Şengeli bar. Häzir täze döwür, erkinlik. Kümüş asyra degişli şahyrlaryň, şol sanda sowet döwrüniň şahyrlarynyň ençemesiniň eserleri çap edilip başlandy. Olaryň uly söz ussatlardygy ykrar edildi. Şol sanda, bu ýere biziň ýaş döwürdeşlerimiziň eserleri-de alyndy.

H. Hally: Mihail, seniň pikiriňçe, rus şahyrlary Türkmenistanyň tebigy gözelligini nädip duýup bildiler? Nädip özlerine ýat bolan Garagumy wasp etdiler?

M.A. Sinelnikow: Olar muňa haýran boldular. Bilýäňizmi, Russiýa bilen Türkmenistanyň tebigatynyň arasynda düýpli tapawut bar. Orsýet tokaýlaryň hem sansyz derýalaryň ýurdy. Umuman, suw ýetmezçiligi biz üçin ýat. Türkmenistanyň bolsa köp bolegi çöl. Ol ýerde suw ýok. Suw diriligi hem durmuşy kesgitleýär. Çöl şertlerinde, suwsuzlykda ýaşamagyň aladalary hem suwa bolan islegiň ýitiligi öňde durýar. Türkmenistan bilen biziň aramyzda şeýle gapma-garşylykly tapawutlar bar. Bu rus şahyrlaryna ýiti täsir edendir diýip bolar. Nähili bolsa-da, Türkmenistan örän gözel ýurt.

H. Hally: Onsoň diňe tebigat hem däldir ahyryn?

M.A. Sinelnikow: Elbetde, ol milletiň beýikligi, onuň döreden täsin poeziýasy haýran galdyrman bilmez. Biz Keminäni, Zelilini, Seýdini rus şahyrlarynyň terjimesinden bilýäris. Ýöne Magtymguly adamzadyň iň beýik şahyrlarydan biri bolup durýar. Ony terjime etmek A. Tarkowskä nädip başartdyka diýip oýlanýarsyň. Iň bolmanda, ol beýik şahyr terjimede hem asla pes däl. Men oňa genial terjime diýesim gelýär. Bu iş bilen A. Tarkowskiý uzak wagtlap meşgullandy. Ol uruşdan öň, 40-njy ýyla çenli Keminäni terjime edipdi. Belki, o döwürde Magtymgulyny terjime etmäge ruhy taýdan taýýarlykly bolan däldir. Uruşda ýaralanyp, aýagyny ýitirdi. Soňra ol Aşgabatda boldy hem şol ruhy azaplardan soň ruhy taýdan taýýar halda, Magtymgula girişdi. Men şeýle pikir edýän.

Şeýlelikde, bularyň ählisi bir zatda jemlendi, asla ýeňil bolmakdyk şertlerde ýaşaýan halkyň takdyry hem çölüň gözelligi rus şahyrlaryna täsir etmän durmady. Elbetde, agyr durmuş şertlerine seretmezden, halk şeýle täsin edebiýaty döredip bilipdir. Men ony hiç bir millet bilen deňeşdirmek islämok, her halkyň örän gowy poeziýasy bar. Ýöne meniň göwnüme bolmasa, türkmenleriň awtorlyk poeziýasy bir gudratdyr. Iň bolmanda türki dilli edebiýatyň arasynda.

Mihail Sinelnikow
(1946-njy ýylda doglan)


* * *

Mollanepes hem Kemine,
Mukaddes Pyragy Etrekden göçüp,
Diňe öz ýurdunda galmady baky
Ýaşaýar geljekki asyrlar üçin.
Seýitnazar Seýdi Zelili bilen,
Goşa biten nar deý gül açdy hakyt.
Başga bagda, başga ülkäň gözünde
Ýa-da birden ganat baglap uçýarlar,
Ýeriň ol ujuna orus sözünde.

Ýöne bize eşitmek ýok hemmesin.
Yşk aýdymyn, hak sözüni aýdanlaň,
Salyr türkmen, buýsançly hem gönümel.
Hem Azady, hem Baýram han
Garaşýarlar özlerine mynasyp
Terjimeçä işe girjek ýaýdanman.

Goşgyny terjime eden Ýowşan Annagurban.
XS
SM
MD
LG